Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

  • 16.05.2026 18:14
  • 4.5k+

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy meýilleşdirýär.

Fenomeno Roadster Lamborghini Revuelto-yň platformasynda gurlupdyr. Kuzowyň esasy reňki gök bolup, bu 1968-nji ýylyň Miura Roadster modeline yşaratdyr. Gyzyl elementler bolsa Bolonýa şäheriniň däp bolan reňkiniň şanyna ýerine ýetirildi.

Öňki aýnanyň çarçuwasyna howa akymyny hereketlendirijiä gönükdirýän karbon spoýler gurnalypdyr.

Oturgyçlaryň arkasynda bolsa awtomobil agdarylan ýagdaýynda sürüjini we ýolagçyny goramak üçin niýetlenen iki sany karbon elementi ýerleşdirilendir.

Gapdal aýnalary özboluşly görnüşde bolup, olar merkezde daralýar. Şeýle dizaýn çözgüdi ozal 2013-nji ýylyň Veneno rodsterinde ulanylypdyr.

Awtomobil 835 at güýjüne eýe bolan atmosfera V12 hereketlendirijisi we oňa goşmaça 245 at güýjüni berýän üç sany elektromotor bilen enjamlaşdyrylandyr. 7 kWt·sag kuwwatlylygyndaky batareýa diňe elektrik režiminde 20 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär.

Ulag 0-dan 100 km/sag tizlige 2,4 sekuntda çykýar. 0-dan 200 km/sag tizlige çykmak üçin 6,8 sekunt gerek.

Maksimal tizligi: 340 km/sag.


düýn 00:00
2.4k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.8k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......