Täsin ýaryş: iň inçe, iň gysga we iň ýasy maşyn öz arasynda ýaryş geçirdi

  • şu gün 17:48
  • 3.4k+

Italiýada adaty bolmadyk ýaryş geçirildi — oňa üç sany özboluşly Fiat Panda gatnaşdy. Ýaryşa dünýäniň iň gysga, iň inçe we iň pes maşynlary atlaryna dalaş edýän ulaglar gatnaşdy. Netijede iň gysga ulag ýeňiş gazandy. Wideo carmagheddon Instagram sahypasynda paýlaşyldy.

Wideoda görnüşi ýaly, diňe iň gysga Panda adaty benzinli hereketlendirijisini saklap galypdyr. Inçe we pes görnüşlerde bolsa ol sygmandygy sebäpli kiçi elektrik motorlar ulanyldy. Ýöne trassada olar benzinli motor bilen bäsleşip bilmediler.
«Inçe» maşynda sürüji adaty ýagdaýda oturýar, ýöne salon gaty dar. Rul bar, emma örän kiçi.
«Pes» ulagda bolsa sürüji yzky penjireden süýşüp, diýen ýaly ýatyp girýär we ulagy joýstik bilen dolandyrýar. Bu modelde karta degişli şassi ulanylypdyr.

Bu awtoulaglaryň resmi dünýä rekordlary tassyklanmady, ýöne olaryň ölçegleri özleri hakda aýdyp dur. Şeýle synanyşyklary bolsa ýygy-ýygydan görmek bolýar. Mysal üçin, 2024-nji ýylda Marokkoda iki esse daraldylan Jeep Wrangler görkezilipdi.


03.07.2025 17:58
15k+

Italiýaly awtomehanik dünýäde iň insiz awtomobili döretdi

Italiýaly mehanik Andrea Marassi dünýäde iň insiz işleýän awtomobili döretdi. Ol 1993-nji ýylyň Fiat Panda modelini esas hökmünde ulandy. Ulag üýtgedilenden soň, onuň ini ýarym metrden az boldy. Daşky görnüşi boýunça awtomobil adaty hetçbege däl-de, has dogrusy, karikatura meňzeýär...

20.07.2024 12:14
9.7k+

Italiýada Lamborghini Diablo gaýtadan dikeldilýär: 1,5 mln dollarlyk ulagdan 19 nusga çykarylar

Italiýanyň Eccentrica Cars kompaniýasy Lamborghini Diablo superkaryny gaýtadan dikeltmek taslamasynyň işläp taýýarlamagyň ahyrky tapgyrynda durandygyny tassyklady. Modelden jemi 19 nusga çykarylar, olaryň her biri...

04.05.2024 16:02
7.4k+

Italiýada betmobil äheňindäki superkarlar görkezildi. Kuwwaty - 1900 at güýji

IXBT-iň habar bermegine görä, Italýanyň Automobili Pininfarina awtoulag öndürijisi Betmeniň janköýerlerini Brýus Ueýniň we onuň alter-egosyndan ruhlanan täze B95 we Battista superkarlary bilen begendirdi. Modeller...

20.09.2023 11:59
26k+

Italiýada rulda barýan wagty telefon ulanan sürüjiler sürüjilik şahadatnamasyndan wagtlaýyn mahrum ediler

Italiýanyň hökümeti ulag dolandyrylanda jübi telefonyny ulanan sürüjä berilýän temmileri berkitmek üçin çäreleri tassyklady. Ýol hereketiniň düzgünleriniň kadalaryna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, rulda barýan...