Gurbanguly Berdimuhamedow taekwondonyň dokuzynjy danyny aldy

  • 29.06.2025 19:23
  • 18k+

Koreýanyň Taekwondo Federasiýasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň iň ýokary ussatlyk derejesini – dokuzynjy dany bermek barada çözgüt kabul etdi. Bu barada ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşygynda aýtdy.

Duşuşygyň barşynda işewür bu baradaky degişli sertifikaty hem-de ýörite taekwondo sport lybasy gowşurmaga rugsat bermegini haýyş etdi.
Soňra Koreýa Respublikasynyň Kukkiwon taekwondo federasiýasynyñ ýolbaşçysy Çon Kapkil sporty dünýäde giňden wagyz etmekde, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, bu ugurda ýaşlara görelde bolmakda, şeýle hem Türkmenistanda taekwondony ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna taekwondonyň dokuzynjy danynyň berlendigini tassyklaýan sertifikaty hem-de ýörite taekwondo sport lybasy dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow bitiren hyzmatlaryna berlen ýokary baha üçin minnetdarlyk bildirip, bu belent sylagy ähli türkmen taekwondçylaryna berlen sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlik-de, taekwondony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleriň dörediljekdigini we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdiriljekdigini aýratyn belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda sportuň bu görnüşiniň giňden ýaýrandygyny aýdyp, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Kukkiwon taekwondo federasiýasynyñ ýolbaşçysynyň türkmen türgenleri bilen duşuşyk geçirip, özüniň maslahatlaryny bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

12.06.2026 11:10
10k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....