Donald Trampyň gyzy kaşaň dynç alyş zolagyny gurmak üçin, Albaniýada ilatsyz adany satyn aldy

  • 04.07.2025 12:09
  • 21k+

ABŞ-nyň Prezidentiniň gyzy Iwanka Tramp bilen onuň ýoldaşy Jared Kuşner Albaniýadaky Sazani adasyny satyn aldy. Olar öňki sowet harby bazalarynyň ýerleşýän ýerinde 1,4 mlrd dollarlyk kaşaň dynç alyş zolagyny gurmagy meýilleşdirýärler diýip, «Daily Mail» ýazýar.

Sazani – Albaniýanyň iň uly adasy bolup, meýdany, takmynan, 5 km2. Ada Adriatik deňzinde ýerleşýär. Orta asyrlarda ada Wenesiýa degişli bolupdyr, soňra Britaniýanyň protektoratynyň bir bölegi bolupdyr, soň bolsa Gresiýa geçipdir. XX asyryň başyndan başlap, Gresiýadan Italiýa geçen adany soň Germaniýa basyp alypdyr. 1947-nji ýyldaky Parižiň parahatçylyk şertnamasyna laýyklykda, ada Albaniýa gaýtarylypdyr. Soňra bu ýere sowet harby deňiz güýçleriniň bazasy ýerleşipdir, ýöne 1960-njy ýyllaryň başynda Albaniýa bilen SSSR-iň arasynda syýasy düşünişmezlik ýüze çykypdyr we Albaniýa adanyň ýeke-täk eýesi bolup galypdyr.
Ada 2015-nji ýyldan bäri syýahatçylaryň üns merkezinde bolup gelýär. Myhmanlara 3600-den gowrak beton bunkerler we harby binalaryň harabalyklary görkezilýär. Şeýle-de bolsa, guruljak dynç alyş zolagynyň açylmagy bilen geçmişiň yzlary ýok bolup biler.
Albaniýaly syýahatçylyk agentliginiň ýolbaşçysy Enjell Rrapaý ýerli ýaşaýjylaryň bu taslamany goldaýandygyny, sebäbi onuň sebitiň syýahatçylygyna we ykdysady ösüşine uly itergi berjekdigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, dynç alyş zolagynyň açylmagy bilen adanyň taryhy atmosferasynyň ýitip biljekdigini hem belläp geçdi.


Taslamanyň hyzmatdaşy Eşer Abehsera ýerli aýratynlyklary saklamak üçin, käbir binalaryň goraljakdygyny wada berdi. Onuň sözlerine görä, bunkerler esasan harby desgalary däl-de, «hobbitleriň öýlerini» ýada salýar. Mundan başga-da, gurluşyga başlanmazdan ozal, ada minalardan arassalanmaly bolar, sebäbi bu ýerde häzirem Ikinji jahan urşundan galan minalar bolup biler.


düýn 23:58
330

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
3.4k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......