Dünýäniň iň gurak ýerleriniň biri bolan Atakama çölüni gar örtdi

  • 27.06.2025 20:25
  • 16k+

Çiliniň demirgazygynda Atakama çölünde gar ýagdy. Bu çöl Ýer ýüzünde iň gurak sebitleriň biri hökmünde tanalýar. Şeýle-de bolsa, bu seýrek hadysa ALMA (Atacama Large Millimeter/submillimeter Array) obserwatoriýasynyň sosial ulgamlarynda paýlaşylan wideolarynda görkezildi. Wideoda gar bilen örtülen ýerler düşürilipdir.

Gar köplenç 5000 metrdan ýokaryda ýerleşýän Çaknantor platosynda ýagýar. Şol ýerde dünýäniň iň güýçli teleskoplarynyň biri ýerleşýär. Emma ALMA-nyň işgärleriniň bellemegine görä, obserwatoriýanyň esasy meýdançasynda soňky 10 ýylyň dowamynda gar bolmandy.
Santiago Uniwersitetiniň klimatology Raul Kordero bu hadysany howanyň üýtgemegi bilen gönüden-göni baglanyşdyrmagyň entek irdigini aýdýar. Şeýle-de bolsa, bar bolan maglumatlar bu seýrek görnüşli ýagmyrlaryň sebitde has ýygy bolup biljekdigine şaýatlyk edýär.
Atakama çölüniň älem synlamak üçin iň amatly ýerleriň biri hasaplanmagynyň sebäbi — gijelerine howanyň örän arassa we garaňky bolmagydyr. ALMA obserwatoriýasy bu ýerde Ýewropanyň Günorta Obserwatoriýasy, ABŞ-nyň Milli Radioastronomiki Obserwatoriýasy we Ýaponiýanyň Milli Astronomiki Obserwatoriýasy tarapyndan bilelikde gurlup, häzirki wagtda dünýäniň iň ösen astronomik merkezleriniň biri hasaplanýar.


04.06.2026 17:40
9.9k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.5k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......