Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky amerikaly kantri-rok topary Aşgabatda iki sany konsert bilen çykyş eder

  • 30.06.2025 19:40
  • 15k+

Amerikan sungat ussady Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky kantri rok žanrynda çykyş edýän aýdym-saz topary 2025-nji ýylyň 2-7-nji iýuly aralygynda Türkmenistana sapar bilen geler.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, saparyň dowamynda Aşgabatda konsert bilen çykyş eder.
Toparyň ilkinji konserti 5-nji iýulda sagat 19:00-da Aşgabadyň “Türkmenistan” kinokonsert zalynda bolar.
Ikinji çykyş bolsa 6-njy iýulda sagat 19:30-da “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde geçiriler.
Konsertlere giriş hemmeler üçin mugt bolup,
zallar tomaşaçylaryň geliş nobatyna görä doldurylar.
Amerikan toparynyň saparynyň çäginde olaryň türkmen kärdeşleri bilen duşuşyklary hem-de bilelikdäki döredijilik çykyşlary meýilleşdirilýär.


Jessika Linn döredijilik ýoluna ýetginjek ýaşynda Manhettende döredilen topary bilen başlady. 2014-nji ýyldan bäri birnäçe EP we ýekelikdäki aýdymlary çykardy we olar bilen ABŞ-nyň, Angliýanyň, Awstriýanyň, Italiýanyň we Kanadanyň aýdym-saz sanawlaryna girmegi başardy. Ol Kit Urban, Klint Blek, ZZ Top we Loretta Linn ýaly meşhur ýerine ýetirijiler bilen bile Ýewropada we halkara festiwallarda çykyş etdi.
Pandemiýa döwründe Jessika onlaýn konsertleriň tapgyryny gurnap, Pollstar çartlaryna girmegi başardy. 2020-nji ýylda bolsa ol “American Music Abroad” programmasy boýunça ABŞ-nyň medeni diplomatiýasynyň ilçisi boldy.
Onuň ilkinji “Lone Rider” atly albomy ABŞ-da we Angliýada Amazon hem-de iTunes çartlarynda öňdäki orunlara çykdy.


düýn 20:25
5.7k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
4.4k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 23:56
6.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......