Tramp TikTok üçin alyjy tapandygyny aýtdy – ol «örän baý adamlardan» ybarat topar

  • 30.06.2025 17:28
  • 15k+

Donald Tramp TikTok üçin mümkin bolan alyjynyň – «örän baý adamlardan ybarat toparyň» bardygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu geleşigiň amala aşmagy üçin Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň razyçylygy gerek bolar diýip, Reuters agentligi habar berýär.

«Ýeri gelende aýtsak, TikTok üçin alyjymyz bar. Meniň pikirimçe, bize Hytaýyň rugsady gerek bolar. Prezident Si muňa razyçylyk berer öýdýän» — diýip, Tramp «Fox News» teleýaýlymynda Mariýa Bartiromo bilen «Sunday Morning Futures» gepleşiginde aýtdy.

Tramp başga maglumat bermän, maýadarlary atlandyrmakdan saklandy, olaryň kimdigini «takmynan, iki hepdäniň dowamynda» mälim etjekdigini wada berdi.
2024-nji ýylyň ýazynda ABŞ-nyň Wekiller palatasy TikTok-nyň Hytaýyň ByteDance kompaniýasynyň gözegçiliginden çykmadyk ýagdaýynda, platformanyň ýurduň çäginde gadagan edilmegini göz öňünde tutýan kanuny kabul etdi. Kanunçykaryjylar bu sosial toruň ýurduň milli howpsuzlygyna howp salýandygyny aýdyp, Hytaýyň hökümetiniň amerikaly ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryna elýeterliliginiň bardygyny öňe sürýärler.
TikTok-nyň amerikan bölüminiň satylmaly möhleti ilki bilen 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna çenli – Trampyň kasam kabul edişinden bir gün öň diýlip bellenipdi. Ol wezipesinde girişensoň bu möhleti ilki bilen 5-nji aprele çenli, soň bolsa ýene 75 gün uzaltdy.

«Biz TikTok-yň garaňkylyga düşmegini islämzok. Ylalaşygy jemlemek üçin, TikTok we Hytaý bilen hyzmatdaşlyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys» — diýip, Tramp ýazdy.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......