Bezos Wenesiýada «asyryň toýuny» tutdy: dabaralar üçin €50 mln, 200 ýyldyz we şäher üçin $1,12 mlrd

  • düýn 19:46
  • 12k+

Italiýanyň Wenesiýa şäherinde amerikaly milliarder Jeff Bezos bilen teleýaýlym alyp baryjysy Loren Sançesiň toýy tutuldy. «Reuters» agentliginiň maglumatlaryna görä, «Amazon» kompaniýasynyň 61 ýaşly esaslandyryjysy bu dabara üçin, takmynan, 50 million ýewro harçlapdyr.

Wenesiýanyň Syýahatçylyk ministrliginiň beýanatyna görä, bu çäre şäherde mahabat, myhmanhana we hyzmat pudagyndaky girdejiler bilen bilelikde jemi 1,12 mlrd dollarlyk ykdysady täsir döredipdir.

«CNN» neşiriniň ministrlige salgylanyp habar berşi ýaly, Wenesiýa şäheri diňe şu toý arkaly dynç günlerinde ýyllyk syýahatçylyk girdejisiniň 68%-ini gazanypdyr.
Toý dabaralary 27-29-njy iýun aralygynda geçirildi. Esasy dabara 27-nji iýunda San-Marko sebitindäki San-Jorjo-Majore adasynda bolup geçdi. Ýapyk dabaranyň dowamynda jübüt biri-birine nika ýüzük dakyşdy, wepalylyk kasamyny etdi we Bezosyň 244 mlrd dollar diýlip bahalandyrylýan baýlygyny goramak üçin deslapky nikalaşyk şertnamasyna gol çekdi. Ol ýerde italiýaly tenor Andreа Boçelliniň ogly aýdymçy Matteo Boçelli olaryň hormatyna çykyş etdi.

Dünýäde iň köp gürrüňi edilen gelinlik, indi bolsa milliarderiň aýaly bolan 55 ýaşly Loren Sançes toýdan öň amerikan «Vogue» žurnaly bilen söhbetdeşliginde, toý wagty «Dolce & Gabbana», «Schiaparelli», «Versace», «Oscar de la Renta» we «Alexander McQueen» ýaly moda öýlerinden 27 dürli lybas geýjekdigini aýtdy. Esasy gelin lybasynyň dizaýny bolsa Domeniko Dolçe bilen Stefano Gabbana degişli. Ony taýýarlamak üçin tikinhanada 900 sagat wagt sarp edilipdir. Ýakadan etegine çenli 180 sany ýüpek şifon bilen bezelen kiçijik düwmeler bilen nagyşlanypdyr. Toýdan soňky agşamlyk dabara üçin bolsa, «Oscar de la Renta» moda öýi onuň üçin 548 metrlik zynjyr we 175 müň kristal bilen bezelen kokteýl köýnek taýýarlapdyr.

Är-aýal «Aman» myhmanhanasyna ýerleşipdir, bu ýerde otaglaryň bir gijeki bahasy 4 müň ýewrodan başlaýar. 28-nji iýundaky agşamlyk dabarasy bolsa, 80 müň sany bägül bilen bezelen öňki orta asyr gämi zawodynyň çäginde geçirilipdir. KHBS-niň ýazmagyna görä, bu ýerde Ledi Gaga we Elton Jon çykyş edipdir.
Toýa şou-biznes, moda, maliýe we syýasat dünýäsinden 200-den gowrak meşhur adam gatnaşdy. Myhmanlaryň arasynda Kardaşýan maşgalasy, ABŞ-nyň Prezidentiniň gyzy Iwanka Tramp, Opra Uinfri, Bill Geýts, aýdymçy Aşer, şeýle-de Golliwudyň ýyldyzlary Leonardo di Kaprio, Orlando Blum we Sidni Suini bardy.

Şeýle-de bolsa, Wenesiýada şeýle giň gerimli çäräni geçirmek pikirine hemmeleriň oňyn garamandygyny belläp geçmek gerek. Wenesiýalylar şäheriň «aşa köp ünsden» ejir çekýändigini, syýahatçylaryň köpçülikleýin gelmegi bilen ýaşaýyş jaýlarynyň bahasynyň ýokarlanýandygyny, ýerli ilatyň şäheriň merkezinden gysylyp çykýandygyny hem-de Wenesiýa lagunasynyň tebigatyna howp salynýandygyny aýdyp, «şäheriň özlerinden alnandygyny» öňe sürýärler.












14.05.2025 15:48
2.7k+

Google we Amazon nyşanlaryny täzeledi: diňe kosmetiki, ownuk üýtgeşmeler bar

Iki iri amerikan kompaniýalary bolan Google we Amazon ençeme ýyldan soň ilkinji gezek nyşanlarynyň (logotipleriniň) dizaýnyny täzeledi. Olaryň ikisi hem diňe kosmetiki üýtgeşmeler bilen çäklenýär diýip, «9to5Google» habar berýär...

26.04.2025 13:06
2.3k+

Amazon-yň hemra internetiniň geljegi sorag astynda: Starlink-iň bäsdeşi taslamasyna ýetişenok

Amazon kompaniýasynyň emeli hemra arkaly internet ulgamyny döretmek ugrunda işe girizen iri taslamasy bolan Project Kuiper agyr kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Içerki çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýa 2026-njy ýylyň tomsuna çenli uçurylmaly 1600 hemranyň bary-ýogy onlarçasyny öndüripdir...

14.04.2025 22:50
6.8k+

Tutuş zenanlardan ybarat ekipaž Blue Origin raketasy bilen kosmos syýahatyndan soň sag-aman Ýere dolanyp geldi

Şu gün, 14-nji aprelde, Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard atly suborbital kosmos gämisiniň 31-nji missiýasynyň çäklerinde hususy uçuş amala aşyryldy. Kosmos gämisiniň ekipažynda alty sany zenan bardy: aýdymçy...

08.04.2025 22:45
2.1k+

Amazon Starlink-e meňzeş hemra internetini çykarýar

Amazon kompaniýasy Project Kuiper taslamasynyň çäklerinde öz hemra internetini ösdürip başlar. 2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde kompaniýa ilkinji 27 hemrany orbita çykarar. Hyzmaty işletmek üçin jemi 3000-den 3200...