Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär

  • 09.02.2026 07:35
  • 786

Amazon kompaniýasy filmleri döretmekde emeli aňy ulanmak arkaly önümçilik möhletlerini gysgaltmagy hem-de onuň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, elbetde täze tehnologiýa döredijilik hünärmenleriniň ornuny tutmaz, ýöne onuň has köp taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edip biljekdigine welin, bil baglamak mümkin.
Bu maksat bilen, geçen ýylyň awgust aýynda Amazon MGM Studios-yň düzüminde «AI Studio» bölümi döredildi. Albert Çeniň ýolbaşçylygyndaky taslama startap hökmünde işleýär we döredijilik işini ýönekeýleşdirýän hem-de önümçilik çykdajylaryny azaldýan hyzmatlary işläp düzmek bilen meşgullanýar. Reuters agentliginiň maglumatyna görä, bu gurallaryň pudaklaýyn hyzmatdaşlaryň gatnaşmagyndaky ilkinji ýapyk synagy mart aýynda meýilleşdirilýär. Maý aýynda bolsa kompaniýa ilkinji netijeleri görkezmegi maksat edinýär.
Neýroulgamyň ulanylmagy mazmun üçin sarp edilýän býujetleriň çendenaşa ýokarlanmagy bilen bagly we täze taslamalaryň sanynyň az bolmagy-da, esasan şu mesele sebäplidir. Çen hem  agzalan çykdajylaryň kompaniýanyň döredijilikli synaglaryny amala aşyrmakda kynçylyk döredýändigini belläp, şunda emeli aňyň adamlaryň ornuna päsgelsiz, işi çaltlandyryp biljekdigine ynam bildirýär.
Bu täzelik aktýorlaryň sanly nusgalarynyň giňden ýaýrap başlajakdygy baradaky wehimleriň ýüze çykan wagtyna-da gabat geldi. Şonuň üçin Amazon ssenariýaçylaryň, režissýorlaryň we aktýorlaryň önümçiligiň ähli tapgyrlaryna edil öňki ýaly görnüşde gatnaşjakdyklaryny goşmaça mälim etdi.
Taslama Amazon Web Services-iň kuwwatyna we hyzmatdaşlaryň emeli aň modellerine esaslanyp amala aşyrylýar. Emeli aňyň kömegi bilen döredilen mazmun başga modelleri okatmak üçin ulanylmaz.


düýn 22:06
747

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......