ABŞ-da «Melaniýa» dokumental filmi çykdy: premýera Trampyň administrasiýasynyň wekilleri gatnaşdy

  • 31.01.2026 17:10
  • 5.2k+

Donald Trampyň administrasiýasynyň ýokary wezipeli wekilleri penşenbe güni Waşingtondaky Kennedi merkezinde geçirilen «Melaniýa» dokumental filminiň premýerasyna gatnaşdy.
Umumy býujeti 75 mln dollar bolan bu film Amazon MGM Studios tarapyndan maliýeleşdirildi. Studiýa bu filmi we onuň bilen baglanyşykly geljekde Amazon Prime Video platformasynda çykjak dokumental serialy görkezmek hukugy üçin 40 mln dollar töledi. Ýene 35 mln dollar bolsa mahabat we distribusiýa işlerine sarp edildi. Maglumatlara görä, filmiň mahabaty Demirgazyk Amerikadan daşary, takmynan, 25 ýurtda alnyp baryldy.
Melaniýa Tramp taslamanyň prodýuserleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Film Donald Trampyň 2025-nji ýyldaky wezipe girişmek dabarasynyň öň ýanyndaky 20 güne we maşgalanyň Ak tama dolanyp gelmegine bagyşlanýar.
«Amazon» kompaniýasy we režissýor Brett Ratner bu şertnamanyň syýasy matlaplydygy baradaky çaklamalary ret etdi. Ratner: «Bu pul üçin edilmedi» diýip ýaňzytdy.
Film ABŞ-da we Kanadada, takmynan, 1 700 kinoteatrda görkeziler. Analitikler ilkinji dynç günlerinde filmiň 5 mln dollar ýygnamagyny çaklaýar.


şu gün 12:24
329

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

şu gün 08:41
680

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

şu gün 08:03
6.6k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....