Gymmatbahaly «Melaniýa» tankyda garamazdan bahasyny ödeýär

  • 02.02.2026 12:33
  • 4k+

«Melaniýa» ABŞ-da görkezilip başlanan ilkinji günlerinde girdeji boýunça dokumental filmleriň arasynda rekord goýdy. Kino prokata çykan ilkinji güni 2,9 million dollar toplady. Dynç günleriniň netijeleri boýunça bolsa bu girdeji 7 million dollardan aşdy. Bu görkeziji, soňky on ýylyň içinde dokumental kinolar üçin iň ýokary netijedir.
Bilermenler başda girdejiniň 3–5 million dollar töweregi boljakdygyny çaklan bolsalar-da, premýeradan soňra bu çaklamalar has ýokarlandy. Film hatda Jeýson Stethemiň gatnaşmagyndaky täze uruşly filmden hem ozup geçmegi başardy. The Hollywood Reporter neşiriniň ýazmagyna görä, bu üstünlik konserwatiw garaýyşly tomaşaçylaryň gyzyklanmasy bilen baglydyr. Filmiň ilkinji günündäki tomaşaçylaryň 72 göteriminden gowragynyň 55 ýaşdan uly aýallaryň bolmagy-da munuň şeýledigini subut edýär.  
Emma «Melaniýa»  babatda tankytçylar bilen tomaşaçylaryň  pikirleri asla gabat gelmeýär. Rotten Tomatoes saýtynda hünärmen synçylaryň diňe 11 göterimi filme oňat baha beren bolsa, tomaşaçylaryň 99 göterimi ony halandyklaryny bildirdiler. Beýle uly aratapawut žurnalistleri iňkise gidirýär. 
Şol bir wagtda Metacritic saýtynda hünärmenler filme 100-den 7 ball, ulanyjylar bolsa 10-dan bary-ýogy 1,3 baha goýdular.
Bu filmiň mahabat işleri üçin rekord derejede — 35 million dollaryň sarp edilendigini-de aýtmak gerek. Onuň umumy býujeti bolsa 75 million dollara ýetdi. Hut şularyň özi-de «Melaniýa» taryhda iň gymmada düşen dokumental film adalgasyny berýär.
Film Donald Trampyň wezipesine girişmezden öňki 20 günüň içinde Melaniýanyň başdan geçirenleri barada gürrüň berýär. Onda dürli häsiýetli söhbetdeşlikler, resmi dabaralardan pursatlar we şahsy gürrüňler görkezilýär.
Filmiň režissýory — Brett Ratner. Amazon kompaniýasynyň bu filmi görkezmek hukugy üçin 40 million dollar töländigi aýdylýar.

 


şu gün 08:03
6.6k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

27.05.2026 15:30
1.7k+

«Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» serialynyň III möwsümi noýabrda çykar

Amazon MGM Studios kompaniýasy «Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» (Властелин колец: Кольца власти) serialynyň üçünji möwsüminiň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Prime Video platformasynda......

23.05.2026 07:07
4.1k+

Waşingtonda dünýäde iň beýik hormat derwezesiniň taslamasy tassyklandy

ABŞ-nyň Sungat boýunça komissiýasy Waşingtonda beýikligi 76,2 metre barabar bolan hormat derwezesiniň (triumfal arka) taslamasyny tassyklady. Ol dünýäde şeýle görnüşli iň uly gurluş bolar....

12.05.2026 14:49
4.3k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....