Si Szinpin, Tramp we MrBeast: Time 2026-njy ýylyň täsiri güýçli 100 şahsyýetiniň reýtingini düzdi

  • 22.04.2026 17:23
  • 7k+

TIME žurnaly 2026-njy ýyl üçin dünýäde täsiri güýçli 100 şahsyýetiň her ýylky sanawyny hödürledi. Reýtinge syýasatçylar, medeniýet işgärleri, türgenler, telekeçiler hem-de ylym we tehnologiýa wekilleri girdi.

Sanaw adatça alty kategoriýa bölünýär: «Liderler», «Artistler», «Pionerler», «Titanlar», «Ikonalar» we «Innowatorlar».

«Liderler» kategoriýasynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Rim papasy Lew XIV, Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Meksikanyň Prezidenti Klaudiýa Şeýnbaum, ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio, Kanadanyň premýer-ministri Mark Karni, Kaliforniýanyň gubernatory Gýuwin Nýusom we MAGATE-niň baş direktory Rafael Grossi bar.

Belläp geçsek, Hytaýyň lideri Si Szinpin bu reýtinge 14-nji gezek girizildi, bu bolsa rekord görkezijidir. Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu bolsa sanawa bäşinji gezek girdi.

Artistleriň arasynda aýdymçy Lýuk Kombs, aktrisalar Dakota Jonson we Reý Sihorn, aktýor Jonatan Groff bar.

«Pionerler» kategoriýasynda NASA-nyň astronawty Rid Uaýzman (Artemis II missiýasynyň gatnaşyjysy), The Walt Disney Company-nyň top-menejeri Joş D’Amaro we aşpez Nensi Silwerton dagynyň atlary tutulýar.

Innowatorlaryň sanawynda tehnologiýalaryň, biznesiň, gastronomiýanyň we sportuň ösmegine täsir edýän adamlar, şol sanda komik we mediaprodýuser Nikki Gleýzer, aşpez we telekeçi Wikas Hanna, «Formula-1-iň» gatnaşyjysy Lando Norris, aşpez Maşama Beýli we Chanel moda öýüniň döredijilik direktory Matýe Blazi bar.

«Titanlar» bölümine dizaýner Ralf Loren, Dell korporasiýasynyň düýbüni tutujy Maýkl Dell aýaly Sýuzan bilen, kinoprodýuser we Paramount Skydance-iň ýolbaşçysy Dewid Ellison we beýleki meşhur şahsyýetler girdi. Şeýle hem, bu ýere käbir aktýorlar — mysal üçin, Zoi Saldana we Ben Stiller hem degişli edildi.

Time žurnaly 2026-njy ýylyň «Ikonalary» hökmünde braziliýaly aktýor Wagner Mourany, model we dizaýner Wiktoriýa Bekhemi, aktýor Itan Houky, aktrisalar Keýt Hadsony we Hilari Daffy, şeýle hem figuraly typmak boýunça olimpiýa çempiony Alisa Lýuny we beýlekileri ykrar etdi.

Tehnologiýa we ylym pudagynyň wekillerinden sanawa Anthropic-iň ýolbaşçylary Dario we Daniela Amodei, şeýle hem genetiki we lukmançylyk tehnologiýalarynyň üstünde işleýän alymlar girdi.

Sanawyň iň ýaş gatnaşyjysy 20 ýaşly türgen Alisa Lýu, iň ýaşulysy bolsa 96 ýaşly aktiwist Dolores Uerta boldy.

Neşiriň baş redaktory Sem Jeýkobs şeýle belleýär: «Täsirlilik derejesini kesgitleýän ýeke-täk ölçeg ýokdur. Biz her ýyl dünýäni üýtgedýän hekaýatlara we şolary döredýän adamlara esaslanýarys».


30.04.2026 11:01
9.6k+

ABŞ-nyň 250 ýyllygy mynasybetli Trampyň portreti şekillendirilen pasportlary çykarmak meýilleşdirilýär

ABŞ-nyň Döwlet departamenti prezident Donald Trampyň suraty şekillendirilen çäkli nusgadaky pasportlary çykarmaga taýýarlanýar. Fox News-yň habar bermegine görä, bu goýberiş ýurduň 250 ýyllygyna gabatlanýar....

22.04.2026 07:15
6.8k+

Tbiliside ýurtda iň beýigi boljak Trump Tower gökdirän binasyny gurmak meýilleşdirilýär

Tbiliside 70 gatly Trump Tower gökdirän binasynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Ýurtda iň beýik bina boljak bu taslamany amala aşyrmak meýli barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maşgalasyna degişli bolan The......

03.04.2026 20:03
8.5k+

Floridanyň Palm-Biç aeroportyna Donald Trampyň adyny dakmak meýilleşdirilýär

Floridadaky Palm-Biç şäheriniň halkara howa menziline ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň adyny dakmak göz öňünde tutulýar. Degişli permana 30-njy martda ştatyň gubernatory, respublikaçy Ron DeSantis gol çekdi....

02.04.2026 16:22
6.6k+

Tramp Maýamide özüniň gökdirän kitaphanasynyň taslamasyny hödürledi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Maýami şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän prezident kitaphanasynyň we muzeýiniň taslamasyny tanyşdyrdy. Emeli aňyň kömegi bilen döredilen suratlar we wideo onuň «Truth Social»......