ABŞ-nyň 250 ýyllygy mynasybetli Trampyň portreti şekillendirilen pasportlary çykarmak meýilleşdirilýär

  • 30.04.2026 11:01
  • 9.7k+

ABŞ-nyň Döwlet departamenti prezident Donald Trampyň suraty şekillendirilen çäkli nusgadaky pasportlary çykarmaga taýýarlanýar. Fox News-yň habar bermegine görä, bu goýberiş ýurduň 250 ýyllygyna gabatlanýar.

Teleýaýlyma berlen pasport maketinde Trampyň portreti resminamanyň iç ýüzünde ýerleşdirilipdir. Onuň töweregini Garaşsyzlyk Jarnamasynyň teksti we Amerikanyň baýdagynyň şekili gurşaýar. Beýleki sahypasynda bolsa Jon Trambullyň ABŞ-nyň esaslandyryjy atalaryny şekillendirýän "Garaşsyzlyk Jarnamasy" atly kartinasy bar.

Döwlet departamentiniň wekili täze pasportlary ABŞ-nyň arza beren ähli  raýatlarynyň alyp biljekdigini aýtdy. Bu seriýanyň iýul aýynda, ýurduň ýubileýine gabatlanyp goýberilmegine garaşylýar.

Fox News-yň berýän habaryna görä, pasportlaryň goýberilmegi  Trampyň administrasiýasynyň “Amerika250” maksatnamasynyň bir bölegi bolar. Şeýle hem bu maksatnama  Milli alleýada Gran-pri ýaryşyny we Ak Tamyň çäginde UFC-niň ýaryşyny geçirmekligi öz içine alýar.


düýn 08:03
12k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

02.06.2026 11:43
4.5k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....