Waşingtonda dünýäde iň beýik hormat derwezesiniň taslamasy tassyklandy

  • 23.05.2026 07:07
  • 4.1k+

ABŞ-nyň Sungat boýunça komissiýasy Waşingtonda beýikligi 76,2 metre barabar bolan hormat derwezesiniň (triumfal arka) taslamasyny tassyklady. Ol dünýäde şeýle görnüşli iň uly gurluş bolar.

Taslamany ozal ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hödürläpdi. Derwezäni Linkolnyň ýadygärligi bilen Arlinton milli gonamçylygynyň arasynda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Gurluşyk meýdançasynda eýýäm ilkinji geodeziki barlaglar we synaglar başlady.
Taslama meýilnamasyna görä, derwezäniň bezeg elementleri, ýagny ýolbarslar, bürgütler we ýazgylar altyn reňkde bolar. Gurluşygyň öň ýüzünde «Hudaýyň huzuryndaky bitewi millet», arka ýüzünde bolsa «Hemmeler üçin azatlyk we adalat bilen» diýen jümleleri ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu setirleriň ikisi hem amerikan baýdagyna wepalylyk kasamyndan alnandyr.
Gurluşygyň beýikligi 250 fut bolar, bu bolsa şu ýyl bellenilýän ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň 250 ýyllygy bilen baglanyşyklydyr.
Deňeşdirmek üçin, Pariždäki hormat derwezesiniň beýikligi 50 metr, häzirki wagtda şeýle görnüşli iň uly gurluş hasaplanýan Meksikadaky Rewolýusiýa ýadygärliginiň beýikligi bolsa 67 metrdir.


şu gün 01:36
2.2k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

10.06.2026 16:26
5.4k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
15k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......