Tbiliside ýurtda iň beýigi boljak Trump Tower gökdirän binasyny gurmak meýilleşdirilýär

  • 22.04.2026 07:15
  • 6.8k+

Tbiliside 70 gatly Trump Tower gökdirän binasynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Ýurtda iň beýik bina boljak bu taslamany amala aşyrmak meýli barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maşgalasyna degişli bolan The Trump Organization habar berdi.

«Paper Kartuli» neşiriniň maglumatyna görä, binany Saburtalo sebitindäki öňki aýlawyň çäginde, Merkezi seýilgähiň golaýynda gurmak göz öňünde tutulýar. Toplumyň köp ugurly häsiýete eýe boljakdygy we onda ýokary derejeli ýaşaýyş jaýlarynyň, söwda meýdançalarynyň, restoranlaryň hem-de hyzmat ediş nokatlarynyň ýerleşjekdigi bellenilýär.

Gökdirän binanyň taslamasyny dünýäniň iň iri binagärlik kompaniýasy hasaplanýan Gensler binagärlik býurosy işläp taýýarlar. Gurluşyga Gruziýanyň kompaniýalary, şol sanda ýurduň iň uly gurluşykçylarynyň biri bolan Archi hem gatnaşar.

The Trump Organization kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Erik Tramp taslamanyň kompaniýanyň ýokary standartlaryna laýyklykda amala aşyryljakdygyny belledi.

Trump Tower ady eýýäm Nýu-Ýorkdaky The Trump Organization-yň ştab-kwartirasy ýerleşýän 58 gatly bina üçin ulanylýar. Şol brend bilen dünýäniň dürli şäherlerinde, meselem, Stambulda we Bakuwda hem gökdirän binalar gurlupdy.


12.06.2026 01:36
5.8k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......