Topuriýa birinji raundda Oliweýrany nokauta gidirip, ýeňil agramda UFC-niň çempiony boldy

  • 29.06.2025 12:13
  • 15k+

Ispan-gruzin gelip çykyşly söweşiji Ilýa Topuriýa UFC-niň ýeňil agram derejesindäki boş guşagyň täze eýesi boldy. Ol UFC 317 ýaryşynyň esasy söweşinde braziliýaly Çarlz Oliweýrany ýeňdi. Ýaryş 29-njy iýunda Las-Wegasda geçirildi.

Topuriýa eýýäm birinji raundda nokaut arkaly ýeňiş gazandy. Bu onuň hiç bir ýeňlişi bolmazdan gazanan 17-nji professional ýeňşidir. Ol mundan ozal hem ýarym ýeňil agramda guşagyň eýesi bolupdy.
UFC-niň öňki çempiony Oliweýranyň hasabynda bolsa häzirki wagtda 35 ýeňiş we 11 ýeňliş bar. Onuň gatnaşan ýene bir tutluşygy güýjüni ýitiren diýip ykrar edilipdi. Topuriýa bilen söweşmezinden öň 35 ýaşly Oliweýra amerikaly Maýkl Çendleri ýeňipdi.
Islam Mahaçew ýokarky agram kategoriýasyna geçip, täze ýarym agyr agram çempiony awstraliýaly Žek Della Maddalena bilen söweşmek üçin UFC-da ýeňil agramyň guşagyndan el çekenden soň boş galypdy.

UFC 317 ýaryşynyň ikinji esasy söweşinde Aleşandri Pantoža iň ýeňil agramdaky UFC-niň çempiony guşagyny gorap saklady. Ol täze zelandiýaly Kaý Kara-Fransy üçünji raundda demikdiriji usul bilen ýeňdi.
Şeýle hem şol agram derejesindäki başga bir söweşde Joşua Wan Brendon Roýwal bilen bolan söweşde eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňiş gazanyp, guşak üçin indiki dalaşgär boldy.
Ýaryşda şeýle hem Beneil Dariuş bilen Renato Moýkanonyň arasyndaky söweş geçirildi. Dariuş eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen ýeňiji boldy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......