Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça geçiriljek RAF 11 ýaryşynyň çägindäki bu tutluşyk barada X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berdi.
Türgenleriň bu duşuşygy 18-nji iýula meýilleşdirilen bolup, Miluoki amerikan şäherinde (Wiskonsin ştaty) geçiriler.
Mundan ozal, Sarukýan şenbe gününe geçilen gije RAF 9 ýaryşynda Kilon Jimisony ýeňdi.
Kowington bilen boljak tutluşygyň öňüsyrasynda söweşijä ýene bir möhüm duşuşyk garaşýar: 13-nji iýunda Sent-Luis şäherinde guraljak RAF 10 ýaryşynyň çäklerinde Sarukýan UFC-niň ýene bir öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Toni Fergýuson bilen düşege çykar.
Ýeri gelende bellesek, şol bir RAF 9 ýaryşynda UFC-niň öňki çempiony, gruziýaly Merab Dwalişwili hem bu guramanyň başga bir öňki çempiony, amerikaly Frenki Edgardan üstün çykdy. Tutluşykdan soň Dwalişwili erkin göreş ýaryşlarynda çykyş edýän we özüniň MMA-daky öňki bäsdeşi bolan amerikaly Genri Sehudo bilen göreş tutluşygyny geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.