Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredildi

  • 27.06.2025 23:53
  • 16k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow "Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda" Permana gol çekdi. Döwlet Baştutany degişli resminama 27-nji iýunda Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Bu resminama ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen kabul edildi.
Resminama laýyklykda, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň karary makullanyldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi şulara ýardam bermeli:
1) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Tertipnamasynyň we gurluşynyň kanunçylykda bellenen tertipde taýýarlanylmagyna we tassyklanylmagyna;
2) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlylandyrmak hem-de bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy amallaryny geçmegine;
3) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň taýýarlygyň ugurlary (hünärler) boýunça okuw meýilnamalarynyň halkara ölçeglere laýyklykda taýýarlanylmagyna hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamaga berilmegine;
4) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine okuwa kabul etmegiň meýilnamasynyň kanunçylykda bellenen tertipde tassyklanylmagyna;
5) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde talyplaryň okamak üçin tölegleriniň möçberiniň kesgitlenilmegine;
6) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 2025-2026-njy okuw ýylyndan talyplaryň okuwa kabul edilip başlanmagyna;
7) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlaryň, hünärmenleriň bellenen tertipde çagyrylmagynyň guralmagyna.


24.03.2026 16:33
6.7k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

17.03.2026 18:15
2.6k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

31.01.2026 02:46
2.4k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...

30.01.2026 12:22
2.3k+

Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär...