Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

  • 24.03.2026 16:33
  • 7.5k+

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi.

Sergi 2027-nji ýylda Serbiýanyň paýtagtynda «Oýun adamzat üçin: Sport we saz hemmeler üçin» şygary astynda geçiriler. Taýýarlyk işleriniň çäginde milli pawilýonyň gurluşyk işleri, enjamlaşdyrylmagy we bezeg işleri göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan bu sergä «Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» diýen şygar bilen gatnaşar.

Bäsleşige hödürlenilýän teklipler 2026-njy ýylyň 13-nji apreline, sagat 18:00-a çenli kabul ediler.

Bäsleşik resminamalaryny Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 52-nji jaýy salgysy boýunça alyp bilersiňiz. Goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 44-64-77, 44-63-00, 44-64-14, 44-63-31.


03.06.2026 15:06
4.4k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

17.03.2026 18:15
2.7k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

11.02.2026 13:57
4.7k+

Jastin Biber NFT maýa goýumlarynda 1 million dollardan gowrak pul ýitirdi

Meşhur amerikan aýdymçysy Jastin Biber «Bored Ape Yacht Club» (BAYC) kolleksiýasyndan bolan NFT-lere maýa goýup, 1 million dollardan gowrak serişdesini ýitirdi. Bu barada Happy Coin News neşiri habar berýär. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda «Bored Ape #3001» atly NFT üçin aýdymçy 500 efirium (ETH) sarp edipdi...

31.01.2026 02:46
2.5k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...