Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada THP habar berýär.
Bu çäre Romexpo sergi toplumynyň çäginde guralyp, Ýewropanyň iň iri awtomobil sergileriniň biri hasaplanýar. Ol her ýyl awtoöndürijileri, ätiýaçlyk şaýlaryny üpjün edijileri, distribýutorlary, tehnologik kompaniýalary we bazaryň beýleki gatnaşyjylaryny bir ýere jemleýär.
Serginiň dowamynda awtomobilleriň täze modelleri, aksessuarlar, innowasion tehnologiýalar, serwis çözgütleri hem-de hereket serişdeleri ulgamyndaky iň täze işläp taýýarlamalar görkeziler.
Guramaçylaryň bellemegine görä, bu sergi biznesi ösdürmäge hem-de pudagyň täze tendensiýalaryna uýgunlaşmaga gyzyklanma bildirýän iri kompaniýalar üçin hem, startaplar üçin hem giň mümkinçilikleri hödürleýär.
«Bucharest Auto Show & Accessories 2026» sergisine gatnaşmak türkmen wekillerine awtomobil senagatynyň döwrebap çözgütleri bilen ýakyndan tanyşmaga, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga, şeýle hem täze bazarlara çykmagyň we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini öwrenmäge ajaýyp şert döreder.