Türkiýäniň söwda ministri Aşgabatda geçiriljek türk eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar

  • 28.01.2026 13:31
  • 2k+

2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport önümleriniň 12-nji sergisi geçiriler. Serginiň açylyş dabarasyna öz ýurdunyň resmi wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Omer Bolat gatnaşar.
Çäräniň guramaçylarynyň habar bermegine görä, sergä 100-e golaý kompaniýa we assosiasiýa gatnaşar. Serginiň esasy maksady türk harytlaryny türkmen bazarynda tanyşdyrmak we işewürlik gatnaşyklarynyň täze ýollaryny gözlemek üçin platforma döretmekden ybaratdyr. Omer Bolatyň Türkmenistana saparynyň meýilnamasy birnäçe ýokary derejeli duşuşyklaryň geçirilmegini göz öňünde tutýar.
Çärä gatnaşmaga türkmen işewürliginiň wekilleri çagyrylýar. Myhmanlar hödürlenýän brendleriň hil aýratynlyklary bilen tanşyp we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp biler. Bu serginiň guralmagy iki ýurduň kärhanalary üçin täze söwda mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam eder.


12.06.2026 12:35
2.5k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

03.06.2026 15:06
4.4k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

22.05.2026 14:27
5.2k+

Türkiýede öte baýlaryň sany 5 ýylda iki esse artdy

Soňky bäş ýylyň içinde Türkiýede öte baý adamlaryň sany 93,5% artyp, 2174-den 4208 adama ýetdi. Bu barada Knight Frank kompaniýasynyň «The Wealth Report 2026» hasabatyna salgylanýan Ekonomim neşiri habar......

27.04.2026 22:44
6.8k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....