Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

  • 27.04.2026 22:44
  • 6.7k+

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady.

"True Net Worth" (Hakyky baýlyk) barlagynyň çäginde seljerijiler bazar girdejilerine esaslanyp, milliarderleriň häzirki aktiwlerine paýnamalaryň we nagt pullaryň gymmatyny goşdular. Netijeler köp haýyr-sahawatçylaryň has ýokarky orunlary eýeläp, häzirki görkezijilerinden birnäçe esse köp baýlyga eýe bolup biljekdigini görkezdi. Mysal üçin, Bill Geýts 19-njy orunda däl-de, ikinji orunda durardy, Worren Baffet bolsa 9-njy orundan üçünji orna galardy. Jeff Bezosyň öňki aýaly, ýazyjy Makkenzi Skott öz ornuny birbada 58 orun gowulaşdyrardy, Jeff Bezos bolsa, tersine, ilkinji bäşligiň arasyndan düşerdi.

Şol bir wagtyň özünde, planetanyň iň baý adamy Ilon Mask, esasan, haýyr-sahawata goşandynyň örän pesligi sebäpli birinji orunda galýar.

1-nji orunda. Ilon Mask

Täzeden hasaplanan baýlygy: 858 milliard dollar (häzirki baýlygy 839 milliard dollar + haýyr-sahawat işleri üçin 19 milliard dollar)

Haýyr-sahawat ugry: ylym (STEM), saglygy goraýyş

Mask özüniň Musk Foundation gaznasyna Tesla-nyň 8,5 milliard dollarlyk  paýnamalaryny bagyşlan hem bolsa, bu serişdeleriň agramly bölegi ulanylman ýatyr. Diňe 500 million dollara golaýy (onuň baýlygynyň 0,06%-i) mätäçlere gönüden-göni kömek etmek üçin ulanylan diýip baha berilýär. Bilermenler Musk Foundation gaznasyna paýnama bermegiň işewüre Twitter-i satyn almak üçin paýnamalaryny satandan soň salgyt ýüküni azaltmaga kömek edendigini belleýärler. Häzirki wagtda gazna serişdeleri Tehasda STEM-e gönükdirilen "garaşsyz başlangyç we orta mekdepleri, ahyrky netijede bolsa uniwersiteti" döretmek üçin täze X Foundation guramasyna gönükdirýär.

2-nji orunda. Bill Geýts

Täzeden hasaplanan baýlygy: 464 milliard dollar (108 milliard dollar + 356 milliard dollar)

Haýyr-sahawat ugry: saglygy goraýyş, garyplygy azaltmak

2000-nji ýylda Gates Foundation gaznasyny esaslandyrandan bäri Bill we Melinda Frenç Geýts oňa Microsoft-yň häzirki wagtda 287 milliard dollara deň boljak paýnamalaryny bagyşladylar. Eger onuň ähli haýyr-sahawatlaryny jemleseň, Geýts baýlygyna, Maskdan başga, häzirki islendik milliarderden has köp baýlyk goşardy. Melindanyň 2024-nji ýylda gaznanyň düzüminden çykandygyna garamazdan, Geýts guramanyň ýene 200 milliard dollar sarp edip, 2045-nji ýyla çenli işini bes etmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi.

3-nji orunda Worren Baffet

Täzeden hasaplanan baýlygy: 363 milliard dollar (149 milliard dollar + 214 milliard dollar)

Haýyr-sahawat ugry: saglygy goraýyş, garyplygy azaltmak

2006-njy ýylda rowaýata öwrülen maýadar öz baýlygynyň ählisini diýen ýaly haýyr-sahawat işlerine bagyşlamaga söz berdi. Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda ol häzirki bazar bahasy 200 milliard dollara ýetjek Berkshire Hathaway paýnamalaryny sowgat berdi. Esasy peýda görýänler Geýts Gaznasy we Baffetiň çagalary tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän haýyr-sahawat guramalary boldy. Onuň wesýetnamasyna görä, onuň galan emläginiň ählisi aradan çykandan soň on ýylyň dowamynda haýyr-sahawat işlerine paýlanmaly.

4-nji orunda Larri Peýj

Täzeden hasaplanan baýlygy: 284 milliard dollar (257 milliard dollar + 27 milliard dollar)

Haýyr-sahawat ugry: howanyň üýtgemegi, saglygy goraýyş

Google-yň esaslandyryjysy kakasynyň adyny göterýän Carl Victor Page Memorial Foundation gaznasyna 23 milliard dollardan gowrak paýnama berdi. Gaznanyň aktiwleri häzirki wagtda 7 milliard dollardan geçýär. Şeýle-de bolsa, Peýj köplenç mätäçlere anyk tölegler barada hasabat berilmegi talap edilmeýän ýapyk görnüşli donor gaznasyny ulanýar. Bu bolsa onuň haýyr-sahawat işine hakykatda goşant goşýandygyna baha bermegi kynlaşdyrýar.

5-nji orunda. Sergeý Brin

Täzeden hasaplanan baýlygy: 278 milliard dollar (237 milliard dollar + 41 milliard dollar)

Haýyr-sahawat ugry: Parkinson keseli, howanyň üýtgemegi

Sergeý Brin dürli haýyr-sahawat guramalaryna Alphabet kompaniýasynyň takmynan 131 million paýnamasyny bagyşlady. Munuň 2 milliard dollardan gowragy ejesiniň ejir çeken Parkinson keselini öwrenmek üçin sarp edildi. Geçen ýyl ol howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça işleýän jemgyýetçilik guramalaryna 345 million dollar hem bagyşlady we häzirki wagtda autizm hem-de merkezi nerw ulgamynyň beýleki kesellerini öwrenmek boýunça maksatnamalara goldawyny giňeldýär.


düýn 09:49
1.7k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

16.05.2026 09:56
4.3k+

Sony boýna dakylýan «şahsy kondisioneri» tanyşdyrdy

Sony kompaniýasy bedeni sowatmak üçin niýetlenen, boýna dakylýan we daşky gurşawa görä temperaturany öz-özünden sazlaýan «Reon Pocket Pro Plus» atly täze nesil ykjam kondisionerini tanyşdyrdy....

15.05.2026 10:46
1.6k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

14.05.2026 14:53
2.2k+

Motorola Swarovski kristallary bilen bezelen smartfon bilen gulaklyk hödürleýär

Motorola kompaniýasy Swarovski kristallary bilen bezelen «Brilliant Collection» atly premium enjamlar toplumyny resmi taýdan hödürledi. Bu ýörite topluma Swarovski kristallary bilen bezelen «Motorola......