Soňky bäş ýylyň içinde Türkiýede öte baý adamlaryň sany 93,5% artyp, 2174-den 4208 adama ýetdi. Bu barada Knight Frank kompaniýasynyň «The Wealth Report 2026» hasabatyna salgylanýan Ekonomim neşiri habar berýär.
Ösüş depgini boýunça Türkiýe dünýäde Polşadan (109%) we Katardan (107%) soň üçünji ýerde durýar. Rumyniýa bolsa 93% görkeziji bilen dördünji orny eýeleýär.
Şol bir döwürde dünýä boýunça şeýle baýlaryň sany 551 435-den 713 626 adama çenli (+29%) ýokarlandy. Bu ösüşiň 40%-den gowragy ABŞ-nyň, ikinji ýer bolsa Hytaýyň paýyna düşdi.
2031-nji ýyla çenli Türkiýede aşa baýlaryň sanynyň ýene 13% artyp, 4772 adama ýetmegine garaşylýar. Şeýle hem häzirki wagtda 35 sany milliarder bar bolsa, olaryň sanynyň 31% artyp, 46-a ýetjekdigi çaklanylýar.
Şunlukda 2025-nji ýylda dünýädäki ähli milliarderleriň umumy baýlygy taryhy rekord derejä –18,276 trillion dollara ýetdi.
Türkiýäniň 30 sany milliarderi jemlenen 73,8 milliard dollar baýlyga eýelik edýär. Bu mukdar ýurduň 38,5 million raýatynyň (ilatynyň 44%-iniň) umumy baýlygyndan köpdür.
Jumhuriýet neşiriniň hasaplamalaryna görä, bir milliardere adaty işçiniň bir ýyllyk gazanjyny gazanmak üçin diňe 19 minut ýeterlikdir.
Ýurduň iň baý 1%-i milli baýlygyň 38,1%-ine eýelik edýär. Ilatyň iň garyp ýarysynyň paýyna bolsa bary-ýogy 2,8% düşýär. Zenanlaryň zähmet haky bolsa, erkekleriň gazanjynyň 41%-ine deňdir.
Türkiýäniň iň baý adamlary (Forbes 2026):
- Murat Ülker («Yıldız Holding»): 5,2 mlrd dollar;
- Jemil Kazanjy («Aksa Enerji»): 4,9 mlrd dollar;
- Erman Ylyjak («Rönesans Holding»): 3,7 mlrd dollar.