Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

  • 31.01.2026 02:46
  • 2.5k+

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
30-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Sergide Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan kärhanalary öz önümlerini we hyzmatlaryny tanyşdyrarlar. Bu kompaniýalar enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş we sowadyş ulgamlaryny, himiki serişdeleri, demir we elektron harytlary we beýleki önümleri öndürijiler we eksport edijiler bolup durýarlar. Mundan ötri sergi meýdançalarynda gurluşyk, energetika, logistika we bilim ulgamlarynda iş alyp barýan türk kärhanalarynyň hyzmaty bilen tanyşmaga mümkinçilik dörediler.
Prezidentim Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň we bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gowy taýýarlyk görmegi we ony guramaçylykly geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi Aşgabatda 2026-njy ýylyň 10-12 fewral günleri geçiriler. 


şu gün 15:06
900

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

22.05.2026 14:27
5.1k+

Türkiýede öte baýlaryň sany 5 ýylda iki esse artdy

Soňky bäş ýylyň içinde Türkiýede öte baý adamlaryň sany 93,5% artyp, 2174-den 4208 adama ýetdi. Bu barada Knight Frank kompaniýasynyň «The Wealth Report 2026» hasabatyna salgylanýan Ekonomim neşiri habar......

01.04.2026 19:33
5.7k+

«Galatasaraý» tutuş Türkiýe boýunça kafe ulgamyny açmagy meýilleşdirýär

«Galatasaraý» futbol kluby täze girdeji çeşmesini — «GS Store Cafe» brendi bilen kafeler ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Taslama françaýzing modeli boýunça ösdüriler we Türkiýäniň ähli çäklerini öz......

24.03.2026 16:33
7.5k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...