«Galatasaraý» tutuş Türkiýe boýunça kafe ulgamyny açmagy meýilleşdirýär

  • 01.04.2026 19:33
  • 5.7k+

«Galatasaraý» futbol kluby täze girdeji çeşmesini — «GS Store Cafe» brendi bilen kafeler ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Taslama françaýzing modeli boýunça ösdüriler we Türkiýäniň ähli çäklerini öz içine alar.

«HT Spor» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, klub ýurduň 81 welaýatynyň her birinde öz nokatlaryny açmakçy bolýar. Maýadarlary çekmek üçin françaýzing ulgamy ulanylar: «GS Store Cafe» brendi astynda işlemek hukugy 50 müň dollar diýlip hasaplanylýar.

Taslama giň täjirçilik ulgamyny kemala getirmäge we hyzmatdaşlardan durnukly girdeji almaga gönükdirilendir.

Şeýle hem, Galatasaray Mağazacılık AŞ kompaniýasyny öz içine alýan söwda gurluşynyň geljekde 700 million dollar töweregi bahalandyrma bilen biržada ýerleşdirilip (IPO) bilinjekdigi habar berilýär. Bu ädimiň uly möçberli maliýe serişdelerini çekmäge mümkinçilik bermegine garaşylýar.

Taslamany amala aşyrmagyň ilkinji tapgyrynda klub, takmynan, 150 million dollar girdeji almagy umyt edýär. Ýolbaşçy düzüm bu täze ugruň ösdürilmeginiň «Galatasaraýyň» maliýe mümkinçiliklerini has-da güýçlendirjekdigine ynanýar.


düýn 08:37
5.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.5k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......