Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler

  • 30.01.2026 12:22
  • 2.2k+

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar.
Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Her ýyl geçirilýän bu forum ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini tanyşdyrmaga we hususy pudaga göni maýa goýumlary çekmegiň ýollaryna bagyşlanýar. Bu meýdança hyzmatdaşlyk ugurlaryny we täze maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin işewürlik dünýäsiniň wekillerini, maýadarlary we maliýe düzümlerini bir ýere jemlär.
Şu ýyl forum Türkmenistanyň hususy pudagynyň halkara sergisi bilen bir wagtda geçiriler. Bu bolsa gatnaşyjylara işewürlik söhbetdeşlikleri bilen bir hatarda milli kärhanalaryň önümleri we hyzmatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. Sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar.
Guramaçylar daşary ýurt wekilleriniň işjeň gatnaşmagyna garaşýar. Geçen ýyl IFT forumy 25 ýurtdan 500-den gowrak wekili, 40 sany halkara guramany we 360-dan gowrak kompaniýany ýygnady. B2B we B2G formatynda geçirilen duşuşyklaryň netijesinde resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
IFT 2026-nyň gün tertibinde senagat we gaýtadan işleme, ulag we logistika, oba hojalygy, agrobiznes, IT-tehnologiýalar, sanly çözgütler, şeýle hem telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň çäreleri we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň usullary bar.


05.02.2026 18:18
2.1k+

Walmart bazar bahasy bir trillion dollara ýeten taryhda ilkinji bölek söwda ulgamy boldy

Walmart amerikan kompaniýasy bazar kapitalizasiýasy 1 trillion dollara ýeten dünýäde ilkinji bölek söwda ulgamy boldy. Ýaňy-ýakyna çenli «trillionçylar» toparyna diňe tehnologiýa ägirtleri giren bolsa, indi bu kluba dünýäniň iň iri oflaýn-reteýleri hem goşuldy diýip, Reuters habar berýär...

31.01.2026 14:33
7.5k+

Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär...

31.01.2026 02:46
2.4k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...

28.01.2026 13:31
1.9k+

Türkiýäniň söwda ministri Aşgabatda geçiriljek türk eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar

2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport önümleriniň 12-nji sergisi geçiriler. Serginiň açylyş dabarasyna öz ýurdunyň resmi wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Omer Bolat gatnaşar...