Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

  • 17.03.2026 18:15
  • 2.7k+

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, KHBS-iň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Çäre ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli «Arkadag Medisina Klasteri Menejment», «Ak gaýa», «Aýdyň gijeler», «Täze Aý», «Hasar» we «Derýa plastik» ýaly 100-den gowrak kompaniýadyr kärhanalary bir ýere jemledi. Sergi olaryň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini, innowasion önümlerini hem-de durmuşa geçirýän iri taslamalaryny görkezmek üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Sergide azyk senagaty, dokma we ýeňil senagat, gurluşyk serişdeleri, derman senagaty, maldarçylyk we senetçilik ýaly ugurlar boýunça ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply we eksport ugurly önümler görkezilýär.

Sergi bilen utgaşyklykda 18-nji martda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum hem geçiriler. Onda geljekki meýilnamalar, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we işewür gepleşikleriň hem geçirilmegine garaşylýar.

Sergi öz işini 19-njy martda tamamlar. Bu çäreler ýurduň hususy pudagynyň geljekki ösüşlerine itergi berip, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna ýardam eder.


23.06.2026 08:37
7.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.9k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.3k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......