Türkmen işewürleri hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Germaniýada saparda bolarlar
22-nji sentýabrdan 9-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň wekilleri Germaniýanyň Karl Duisberg merkezleri tarapyndan gurnalan «Germaniýa bilen biznes hyzmatdaşlygy» maksatnamasyna gatnaşarlar. Maksat — täze gönüden-göni aragatnaşyklary döretmek, tejribe alyşmak we ýurtlaryň ykdysady özara gatnaşyklaryny berkitmek diýip, ORIENT habar berýär...