Türkmenistanda B2B marketpleýsleri ulanmagyň artykmaçlyklaryny tanyşdyryş çäreleri geçiriler

  • 30.10.2024 18:12
  • 4.2k+

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde “B2B”, ýagny “biznesden biznese” derejesinde  (kärhanalaryň we telekeçileriň arasynda) elektron söwdany alyp barmagyň artykmaçlyklary boýunça tanyşdyryş maslahatlaryny geçirýär.

Çärä çagyrylan telekeçiler B2B formatda onlaýn söwdanyň ýörelgeleri bilen tanşarlar. B2B formatynyň artykmaçlyklarynyň mysaly hökmünde şu hepde ýurdumyzda hereket edip başlan, telekeçileriň arasynda artykmaç harytlaryň söwdasy üçin niýetlenen ALSAT B2B marketpleýsi (onlaýn bazary) ulanylar. Bu we beýleki şuňa meňzeş platformalar kärhanalara artykmaç enjamlaryny, materiallaryny we beýleki emläklerini aňsatlyk bilen satmaga mümkinçilik berýär. Alyjylara bolsa zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin köp zat tapyp, amatly satyn almaga ýardam edýär. Şeýlelik bilen işewürler häzirki zaman sanly çözgütleriň kömegi bilen ep-esli wagt we çykdajylary tygşytlaýarlar.
Guramaçylar her sebitde ýaşaýan senetçileri hem ýatdan çykarmadylar. Çäreleriň barşynda bütin dünýäde meşhur bolan eBay platformasy arkaly halkara bazaryna girmäge kömek edýän serişdeler bilen tanyşmak hödürlenilýär. “Eksport hyzmat” konsalting kompaniýasynyň hünärmenleri bu duşuşyklara gelen senetçilere we el işçilere 180 million ulanyjysy bolan bu dünýä belli söwda platformasynda öz sahypalaryny döredip, önümlerini satuw üçin ýerleşdirmek barada gürrüň bererler. “eBay” ýaly global marketpleýsde milli önümlerimizi ýerleşdirmek, türkmen telekeçilerine eksport bazarlaryny giňeltmäge we halkara satuw derejesine ýetmäge kömek eder.
Şeýle hem her sebitde çärä gatnaşyjylaryň arasynda bijeli bäsleşikler geçiriler. Gatnaşmak isleýänler onlaýn‑anketany dolduryp hasaba alnandan soň, olara çäräniň maksatnamasy iberiler.

Tanyşdyryş çäreleri şu senelerde geçiriler:

  • Türkmenabat, Lebap welaýaty - 2024-nji ýylyň 31-nji oktýabry
  • Mary, Mary welaýaty - 2024-nji ýylyň 1-nji noýabry
  • Türkmenbaşy, Balkan welaýaty - 2024-nji ýylyň 5-nji noýabry
  • Daşoguz, Daşoguz welaýaty - 2024-nji ýylyň 7-nji noýabry
  • Aşgabat - 2024-nji ýylyň 11-nji noýabry

düýn 16:33
5.1k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

17.03.2026 18:15
2.6k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

31.01.2026 02:46
2.4k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...

30.01.2026 12:22
2.2k+

Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär...