Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sergisi geçirilýär

  • 17.03.2024 14:00
  • 7.3k+

Şu gün, 17-nji martda Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini şöhlelendirýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy. Gözden geçirilişiň çäklerinde maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäreler türkmen işewürleriniň tejribesini, üstünliklerini we mümkinçiliklerini, onuň milli maksatnamalary, şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň innowasion ösüşlerine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmäge goşýan saldamly goşandyny görkezýär. 

Diňe geçen 2023-nji ýylda TSTB-niň kärhanalary tarapyndan öndürilen oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberleriniň ösüş depgini 111,7 göterime, senagat önümleriniňki bolsa – 106,7 göterime ýetdi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.


düýn 16:33
4k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

17.03.2026 18:15
2.6k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

31.01.2026 02:46
2.4k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...

30.01.2026 12:22
2.2k+

Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär...