Söwda toplumynyň sergisine TSTB-niň agzalarynyň 210-dan gowragy gatnaşar

  • 30.03.2024 09:01
  • 3.2k+

3-5-nji aprelde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew sergä taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, gözden geçirilişe söwda toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň köp sanlysynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ulgamlarda işleýän agzalarynyň 210-dan gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Sergi ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynda, dokma, halyçylyk pudaklarynda, beýleki ugurlarda gazanýan üstünliklerini görkezer. Onuň çäklerinde Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli modeller öýleriniň milli lybaslarynyň dabaraly görkezilişini, söwda toplumyna degişli kärhanalaryň täze önümleriniň mahabat-tanyşdyryş çärelerini guramak meýilleşdirilýär.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
745

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......