Halk Maslahatynyň we Haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşine täze agzalar kabul edildi

  • 20.08.2025 13:52
  • 14k+

19-njy awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi.

Ýaşulular geňeşiniň täze agzalygyna kabul etmek hem nobatdaky maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Bu mesele boýunça çykyş edenler ýerli halk maslahatlaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan we ýaşululardan teklipleriň gelip gowşandygyny aýdyp, halk arasynda uly hormatdan peýdalanýan, il sylagly ýaşululary agzalyga hödürlemek boýunça degişli işleriň geçirilendigi, olaryň ýokary şahsy häsiýetleri, guramaçylyk we beýleki başarnyklary barada aýtdylar.
Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna şu aşakdaky ýaşulular saýlanyldy:

  • Aşgabat şäheri boýunça Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna Aşgabat şäheri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Meretgeldi Gulgeldiýew;
  • Aşgabat şäheri boýunça Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna Aşgabat şäheri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Italmaz Saparlyýew;
  • Ahal welaýaty boýunça Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna Arkadag şäheriniň Ýaşulular geňeşiniň wekili, Hormatly il ýaşulusy Kakajan Täşliýew.

şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....