Hytaýda robot antilopany hakyky sürä goşup, Tibetdäki örä iberdiler

  • 15.08.2025 17:26
  • 13k+

Hytaýly alymlar hakyky "kowumdaşlaryny" synlamak üçin robot antilopany ýabany tebigata iberdiler. Barlagçylar adam görse diýseň ürkýän haýwanlary doly tebigy şertlerde synlamak kararyna geldiler diýip, “Sinhua” habarlar gullugy  habar berýär.

Synag Hytaýyň Ylymlar akademiýasy we DEEP Robotics bilen bilelikde Sinhaý-Tibet daglygyndaky Kekeksili platosynda ýerleşen Hoh-Sil goraghanasynda geçirildi.
Robot hakyky antilopa gaty meňzeýär, tüýüniň reňki we beden gurluşy hem hakyka laýyk gelýär, ýöne onuň gözüniň golaýynda kiçijik gizlin kamera bar. Bu enjam X30 robot itine esaslanýar we meýdan şertlerinde işlemek üçin uýgunlaşdyrylan. Ony hakyky antilopa meňzetmek üçin tebigy sütük we haýwanyň skeleti ulanyldy.
Robot sürä ýakynlaşanda haýwanlaryň gyzyklanmasyny oýardy, ýöne olary ürküzmedi. Kem-kemden olaryň sürüsine goşulyp gitdi.


Alymlar çaga antilopanyň dünýä inmegi ýaly, üýtgeşik pursatlary surata düşüreris öýdüp umyt edipdiler, ýöne kamera diňe asuda otlap ýören süri düşdi.
Üç günüň dowamynda geçirilen synagda enjam eňňitlerden, çukurlardan we batgalyk ýerlerden geçip, takmynan 2 km ýoly külterledi we haýwanlary ýakyn aralykdan surata aldy.
Hakyky antilopalar ürkek jandarlar we 500-800 m aralykdan kimdir birini gördükleri derrew gaçmak bilen bolýarlar. Olara duşmak, hatda ene antilopany göwresindäki çagasynyň düşmekligi derejesine çenli ürküzip biler. Dronlar hem sürini tazykdyryp bilýärdi. Şonuň üçin ozal haýwanlary teleskoplar we güýçli kameralar arkaly synlamaly bolýardy.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......