Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde täze etraplary döretmek bilen bagly teklipler maslahatlaşylar

  • 21.08.2025 11:06
  • 15k+

20-nji awgustda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew täze etraplaryň birnäçesini döretmek bilen bagly teklipleriň taýýarlanylandygy barada aýtdy.

Wise-premýer Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk pudagynyň dolandyrylyşyny yzygiderli kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlarda oba hojalyk önümçiliginiň guralyşyny kämilleşdirmek, ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we täze usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, bugdaýyň, pagtanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleriniň görnüşlerini, hilini we möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky etraplardyr obalaryň ýaşaýjylaryndan gelip gowşan haýyşnamalar esasynda täze etraplaryň birnäçesini döretmek bilen bagly teklipleriň taýýarlanylandygyny aýtdy we olary Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürledi.


düýn 23:05
934

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
811

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......