8.3k+

Arkadag şäherinde bejergi alýan we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik nygmatlary gowşuryldy

Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan hem-de Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik nygmatlary gowşuryldy. Süýjülikler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan berildi diýip, “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär...

7.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Ahmet Çalyk mümkinçilikden peýdalanyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň ynanylandygy üçin hoşallyk bildirdi...

5.9k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Döwlet Baştutany bu baýramçylygyň eziz Watanymyza milli buýsanjymyzy has-da pugtalandyryp, täze üstünlikleri gazanmaga we belent sepgitlere ýetmäge güýç-kuwwat berjekdigine berk ynam bildirdi...

17k+

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 225 adamyň günäsini geçdi

25-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen 225 raýat mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy...

11k+

Aşgabatda döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy geçirildi

20-nji sentýabrda Aşgabatda dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň hünärmenlerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy boldy...

4.7k+

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi

13-nji sentýabrda Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary gatnaşdylar...

3.8k+

Sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

18-20-nji sentýabr aralygynda Aşgabat Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurt Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler. Sergä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlary kompaniýalaryň, işewürleriň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar...

3.1k+

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri - 2025» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

6-njy sentýabrda “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji konsertinde ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünlikleri, ýurdumyzyň ajaýyp tebigaty, Watana söýgi, çagalaryň bagtyýar durmuşy wasp edildi...

7.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

20-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi...