Arkadag şäherinde bejergi alýan we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik nygmatlary gowşuryldy

  • 29.09.2025 10:06
  • 8.5k+

Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan hem-de Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik nygmatlary gowşuryldy. Süýjülikler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan berildi diýip, “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Şu mynasybetli geçirilen dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdy.
Çagalara gowşurylan nygmatlaryň hatarynda dürli miweler, gök-bakja, çörek we süýji-köke hem-de şöhlat önümleri, miwe suwlary bar. Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Döwletliler köşgüniň çagalary iberilen baýramçylyk sowgatlaryny uly ruhubelentlik we çäksiz hoşallyk duýgusy bilen kabul etdiler.


19.06.2026 19:56
6.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....