Türkmenistanyň 7 raýaty «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanyldy

  • 20.09.2025 10:21
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy başlangyçlarynyň we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanyldy:

  • Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Kümüş Nazarowa,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy Gurbanbibi Akmyradowa,
  • Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Annagül Annageldiýewna Gurbanowa,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher bilim bölüminiň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Tazegül Şyhnepesowna Ýaýlymowa,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 3-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Ogulgözel Mämedowna Hanowa,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 56-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Göwher Sultanowna Nursaidowa,
  • Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Hasyl geňeşliginiň Hasyl obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Ogulgerek Şakulyýewa.

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......