Aşgabatda “Ýaňlan, Diýarym - 2025!” telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 08.09.2025 11:02
  • 5.7k+

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň 14-si gatnaşdy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýaş aýdymçylaryň arasynda yglan edilen bu bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde her ýyl geçirilýär.
Döredijilik bäsleşigi üç tapgyrda geçirildi. Onuň şertlerine laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylar aýdymlary sazly we sazsyz görnüşde ýerine ýetirdiler. Olaryň çykyşlaryna ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlaryndan düzülen eminler topary baha berdi. 
Jemleýji tapgyryň konsertine meşhurlyk gazanan ussat aýdymçylar we geçen ýyllaryň gözden geçirişleriniň ýeňijileri hem çagyryldy.
Soňra bäsleşigiň jemi jemlenildi. Ýeňijiler yglan edildi we olara ýörite diplomlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisi Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Prezidenti gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň şu aýdymçy ýaşlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

  • Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy Aýna Begenjowna Baýramgeldiýewa;
  • Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gurbangözel Gurbanmyradowna Gurbanmyradowa;
  • Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Alp-Arslan Ýusupowiç Ýusupow;
  • Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap geňeşiniň sürüjisi Ýunus Aşyrdurdyýewiç Aşyrdurdyýew;
  • Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Köneürgenç etrap medeniýet merkeziniň tans artisti Yhlas Durdygylyjowiç Atekaýew;
  • Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Saýat etrap medeniýet bölüminiň Esgi geňeşligindäki Gyzylgaýa oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Resul Guwanjowiç Guwanjow;
  • Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Remezan Bäşimmuhammedowiç Işankulyýew.

03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.4k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......