Si Szinpin, Donald Tramp we beýleki dünýä Liderleri Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar

  • 27.09.2025 20:52
  • 13k+

Dünýä döwletleriniň liderleri Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny iberdiler diýip, TDH habar berýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hatynda hytaý tarapynyň bilelikdäki tagallalar arkaly syýasy hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, birek-biregi berk goldamaga, ösüş strategiýalaryny utgaşdyrmaga ýardam bermäge, Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmak maksady bilen, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny ilerletmäge taýýardygyny belledi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Waşingtonyň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, Garaşsyzlygyny üýtgewsiz we berk goldaýarys hem-de Siziň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyňyza hormat goýýandygyny beýan etdi. "Sebit wehimlerini çözmek, biziň döwletlerimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Siziň bilen mundan beýläk-de bilelikde işlemegimize umyt edýärin. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna we çuňlaşdyryljakdygyna tüýs ýürekden ynanýaryn" diýip, Tramp belleýär.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin iki ýurduň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini nygtady. "Biz ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki netijeli işi dowam etdireris. Munuň özi Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär, Merkezi Aziýada hem-de Hazar sebitinde durnuklylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine ýardam berýär" diýip, W.Putin belleýär.
Gutlaglaryny şeýle hem Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saud, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan iberdi.
Dünýä döwletleriniň Liderleri hatlarynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa jan saglyk we üstünlik, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärler.


şu gün 12:31
388

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
311

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
650

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......