Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Döwlet münberinde geçirilen dabaralara gatnaşdy

  • 28.09.2025 18:09
  • 10k+

27-nji sentýabrda Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramy giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Dabarada Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Dаbаrаly hаrby ýörişiň sеrkеrdеsi polkownik R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişe taýýardygy barada hasabat berenden soň, B.Gündogdyýew hasabaty kabul edip, awtoulagda goşun bölümleriniň öňünden geçip, dabaraly harby ýörişiň düzüm bölümleriniň esgerlerini mübärekledi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyryldy. 
Däp bolşy ýaly, baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açdy. Olar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny göterip, münberiň öňünden geçdiler.
Soňra münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary, zenan harby gullukçylar, gulluk edýän serkerdeler batalýony geçdi. Şolaryň hatarynda Milli goşunyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bar.


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli giň gerimli dabaranyň barşynda Gelşikliniň ugruna degişli bolan Gurthatar we Yşgyn diýen atlaryň neslinden bolan 2022-nji ýylda doglan Zaman atly akýal mele reňkli ajaýyp bedew Hökümet agzalarynyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa sowgat berildi.
Soňra ýurdumyzyň pudaklarynyň bezelen awtoulag platformalary, raýat toparlary Döwlet münberiniň öňünden geçdi.












şu gün 11:28
242

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......