Sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

  • 11.09.2025 20:04
  • 4.1k+

18-20-nji sentýabr aralygynda Aşgabat Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurt Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler.

Sergä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlary kompaniýalaryň, işewürleriň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Halkara sergide lukmançylygyň anyklaýyş-bejeriş enjamlary we tehnikasy, lukmançylyk gurallary, saglygy goraýyş ulgamynda dürli görnüşdäki hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň, şeýle hem innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan kliniki merkezleriň öz alyp barýan işlerini görkezmegine giň mümkinçilik dörediler. Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy iri kompaniýalary bilim we sport boýunça alyp barýan işlerini, tehnologiýanyň soňky gazananlaryny paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna giňden hödürlener.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....