Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

  • 27.09.2025 11:18
  • 6.2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Döwlet Baştutany bu baýramçylygyň eziz Watanymyza milli buýsanjymyzy has-da pugtalandyryp, täze üstünlikleri gazanmaga we belent sepgitlere ýetmäge güýç-kuwwat berjekdigine berk ynam bildirdi. Döwlet Baştutanynyň gutlagy metbugatda çap edildi.

Serdar Berdimuhamedow garaşsyzlygy halkymyzyň beýik mertebesiniň hem-de milli buýsanjynyň Ýer ýüzünde dabaralanmagy diýip atlandyrdy.

"Üçünji müňýyllygyň öň ýanynda — 34 ýyl mundan ozal Garaşsyzlygymyz bütin dünýä jar edilip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşly nusgalyk ýol — Türkmenistanyň özygtyýarly, özbaşdak hem-de erkin ösüş ugry saýlanyp alyndy. Bu şöhratly döwürde ýurdumyz özbaşdak, garaşsyz, abadançylykly ösüş syýasatyny durmuşa geçirmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni ösüşine mynasyp goşandyny goşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän döwlete öwrüldi" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek ykrar edilmegini biziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerimize dünýä bileleşigi tarapyndan berlen iň uly baha we ýokary ynam diýip aýtdy.

"Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary yzygiderli giňeltmegiň, aýratyn-da, parahatçylygyň we ylalaşygyň, ählumumy ösüşiň hatyrasyna tagallalary birleşdirmegiň mäkäm halkara hukuk esasydyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk, hoşniýetlilik we Bitaraplyk syýasatynyň ajaýyp miwesidir" diýip, gutlagda aýdylýar.


düýn 23:05
934

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
811

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......