Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

  • 28.09.2025 17:43
  • 5.6k+

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. R.Minnihanow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen geldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanowy Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, Tatarystanyň Baştutanynyň saýlawlardan soňra sapar amala aşyran ilkinji ýurdunyň Türkmenistan bolmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.
Söhbetdeşler ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Nygtalyşy ýaly, türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň alyp barýan işiniň möhüm orny bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym, bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Iki ýurduň ylym, bilim, medeniýet işgärleri, wekiliýetleri Türkmenistanda hem-de Tatarystanda geçirilýän iri halkara çärelere işjeň gatnaşýarlar.
RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň iki halkyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki tagallalaryny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, Rustam Minnihanowyň şu gezekki saparynyň türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.


şu gün 16:02
302

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......