Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

  • 29.09.2025 10:11
  • 6.7k+

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Duşuşyga “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre hem gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Marten Buig Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşygyň örän netijeli bolandygyny, onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki täze ugurlary barada pikir alşylandygyny aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Türkmenistan 30 ýyldan gowrak wagt bäri bu düzüm bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Kompaniýa bilen özara hyzmatdaşlyk türkmen-fransuz gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

“Türkmenistan abraýly kompaniýalar bilen uzak möhletli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Elbetde, şeýle hyzmatdaşlaryň hatarynda “Buig” kompaniýasy hem bar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Marten Buig bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de öz şertnamalaýyn borçnamalaryny birkemsiz berjaý etjekdigine ynandyrdy.


düýn 23:05
992

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
830

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......