Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi

  • 15.09.2025 09:07
  • 4.9k+

13-nji sentýabrda Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary gatnaşdylar.

Maslahat Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy.
Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisini synladylar. 
Forumyň dowamynda DTYB-nyň agzalary tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem birleşigiň işini mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyş edenler dünýä türkmenleriniň ata Watanymyzyň köpugurly ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda türkmen topragynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri, ýetilýän belent sepgitleri giňden wagyz etmäge mynasyp goşant goşýandyklaryny bellediler.
Çykyşlarda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlaryna ynsanperwerlik kömeklerini ugradýandygy nygtaldy. Ýakynda Owganystanda bolup geçen ýertitreme zerarly heläkçilik çeken owgan halkyna, ilkinji nobatda, çagalara niýetlenen önümleriň we harytlaryň ugradylmagy ýurdumyzyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan türkmenleriň birleşigi Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasy bilen bilelikde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly dabaraly maslahaty geçirdi. Owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýeti hem şol ýerdäki dürli milletden bolan halklaryň dost-doganlygynyň pugtalanmagyna ýardam etjek ynsanperwer çäräni gurady. Şeýle çäreler Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň tagallalary bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem ýaýbaňlandyryldy.
Birleşik «Türkmen dünýäsi» gazeti bilen bilelikde her ýyl Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren miweleri we şanly seneler mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini guraýar. Şeýle bäsleşik Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Hoşniýetli dost ili — biziň eziz ilimiz» diýen at bilen geçirildi. Şunda bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary hem bar.
Häzirki döwürde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümleriniň 27-si hereket edýär. Olar Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleri, halkymyzyň milli medeniýetini, sungatyny, edebi gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny dünýä ýaýmakda, daşary ýurtly arkadaşlarymyz bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde uly işleri alyp barýarlar.
Soňra birleşigiň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.


düýn 23:05
992

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
830

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......