Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

  • 20.09.2025 14:38
  • 21k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Bellnilişi ýaly, döwlet sylaglary "Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, kanunçylygy pugtalandyrmakda, ýurduň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, gurluşyk, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem-de beýleki pudaklaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önümçiligiň netijeliligini, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda, önümiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda, has täze tehnikalary, tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmakda, ulag serişdelerini netijeli peýdalanmakda, ilata edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, uçarlary we dikuçarlary sürmekde has öňdebaryjy usullary ulanmakda, aýdym-sazy ökdelik bilen ýerine ýetirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ylmyň we tehnikanyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň, milli medeniýetiň, edebiýatyň, teatr, kino, telewideniýe, aýdym-saz we şekillendiriş sungatynyň, žurnalistikanyň we medeni aň-bilim edaralarynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlary okatmaga we ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, zähmetsöýerlik, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge, ýokary hünärli döredijilik işgärlerini taýýarlamaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlygyny, joşgunly zehinini nazara alyp gowşuryldy.
Baýraga mynasyp bolanlaryň doly sanawy "Türkmenistan" gazetiniň şu günki sanynda neşir edildi. 


düýn 23:05
934

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
811

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......