Tähranda Azady binasy we Ankaranyň iň beýik binalary Türkmenistanyň baýdagynyň reňkine bezeldi

  • 29.09.2025 15:46
  • 12k+

27-nji sentýabrda Eýranyň paýtagty Tähranyň Azady meýdançasynda we Ankarada Türkiýäniň söwda-senagat palatasynda we birža birleşiginiň binasynda Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň şekiliniň reňkli yşyklandyryşy guraldy.

Eýranyň Azady binasynyň milli baýdagymyzyň reňkli yşyklandyryşynyň wagtynda ýurdumyzyň Döwlet senasy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly aýdymy ýaňlandy. Dabara Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy gurady.
Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Tähran şäher häkimliginiň, ýerli edaralaryň wekilleri hem-de ýurduň ýaşaýjylary gatnaşdy.
Şol gün şeýle hem Ankaranyň iň beýik binalary bolan Türkiýäniň söwda-senagat palatasy we birža birleşiginiň binasy Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkine bezeldi. Haly gölli, ýarymaýly we bäş ýyldyzly gyzyl we ýaşyl baýdagynyñ aýdyñ çyra bezegi binalarda owadan şöhle saçdy.
Türkiýäniň söwda-senagat palatasy we birža birleşiginiñ binasynyñ beýikligi 140 m bolup, ol Ankaranyñ iñ beýik binalarynyñ biridigini we Türkiýäniň möhüm işewür merkezidigini bellemek zerur.
Bu waka bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň nyşanydyr diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy belleýär.

 

 

 


düýn 18:57
1.4k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
995

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......