Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 29.09.2025 09:47
  • 3.1k+

28-nji sentýabrda  Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoi bilen duşuşdy. Myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Döwlet Baştutany Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz, himiýa, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli alnyp barylýandygyny nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde we kämilleşdirmekde Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň, şol sanda “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň möhüm ornuny belledi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Ýapon kompaniýalary iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge uly goşant goşýarlar. “Toyo Engineering” kompaniýasy bilen nebitgaz we himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu düzümiň gatnaşmagynda Gyýanlyda ägirt uly gazhimiýa desgasynyň — polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Işewür türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga hemişe taýýardygyny tassyklady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri göz öňünde tutup, geljekde hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça has-da ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.
Eiji Hosoi ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilen uly ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

28.05.2026 12:23
1.9k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....