Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähi açyldy

  • 14.09.2025 23:57
  • 12k+

13-nji sentýabrda Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap seýilgäh özüniň binagärlik çözgüdi bilen paýtagtymyzyň durmuş maksatly desgalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. 

Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly sene mynasybetli guralan dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar we bagtyýar körpe nesiller, şäheriň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.
Täze seýilgähde çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ýörite meýdançalar, güller we dürli baglar seýilgähiň ajaýyp keşbinde sazlaşyk döredýär. Welosiped ýodalary, dynç alyş bassyrmalary, yşyklandyryş sütünleri bu ýerde ähli ýaşdaky raýatlaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün eder.




03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.4k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......