Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

  • 21.08.2025 11:23
  • 7.7k+

20-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geňeşiň guramaçylyk meselelerine garaldy we bu düzümiň ýerlerde alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşyldy, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow mejlisde çykyş edip, Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen maslahat geçirilendigini, onda geňeşiň agzalary boýunça ýerlerden gelip gowşan teklipleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.
Maslahatyň netijesinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň Aşgabat şäheri boýunça agzalary, Hormatly il ýaşululary Rejepmämmet Ataýewi hem-de Orazmuhammet Hojatowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, geňeşiň düzüminden çykarmak; Aşgabat şäheri boýunça Ýaşulular geňeşiniň düzümine Hormatly il ýaşululary Meretgeldi Gulgeldiýewi we Italmaz Saparlyýewi hödürlemek; geňeşiň Ahal welaýaty boýunça agzasy, Hormatly il ýaşulusy Şaberdi Amansaparowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, Ýaşulular geňeşiniň düzüminden çykarmak baradaky meselelere seredilip, geňeşiň düzümine Ahal welaýaty boýunça Arkadag şäheriniň Ýaşulular geňeşiniň wekili, Hormatly il ýaşulusy Kakajan Täşliýewi hödürlemek barada karara gelindi. Şunuň bilen baglylykda, R.Bazarow Gahryman Arkadagymyzdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda Kararlara gol çekmegini haýyş etdi.
Beýan edilen teklipleriň Ýaşulular geňeşiniň agzalary tarapyndan biragyzdan goldanylýandygyny aýdyp, Milli Liderimiz Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde gelnen netijä we çözgütlere laýyklykda, “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda” hem-de “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda” Kararlara gol çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen birnäçe döwletli soraglara garalandygyny aýdyp, geňeşiň täze agzalaryna işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere badalga berildi.


düýn 23:05
934

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
811

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......